Mercedes Sprinter-den ykjam hem-de rahat ulag-öýüni ýasadylar

17.08.2026, 13:355,500
1 / 16

Germaniýanyň Bürstner kompaniýasy ulag-öýleriniň iň esasy meseleleriniň birine dar giňişlikde ýer ýetmezçilik etmegine özboluşly çözgüt tapdy. Täze Bürstner Habiton 6.1 kemperiniň (syýahat ulagynyň) uzynlygy alty metre ýetmeýär (bary-ýogy 5930 mm), ýöne ol rahat syýahat etmek we içinde gijäni geçirmek üçin doly enjamlaşdyrylan.

Adatça şeýle ulaglarda uzynlygyna goýulýan ýatalga derek, inženerler maşynyň yzky böleginde ýatym zolagyny keseligine ýerleşdirdiler. Bu çözgüt arkaýyn oturyp dynç almaga, aşhana we doly derejeli hajathana üçin zerur ýer boşatdy.

Inženerler awtonomlyga aýratyn üns berdiler. Ulag-öýi nahar bişirmek üçin gaz balonyny talap etmeýär: aşhana iki gözli induksiýa plitasy bilen enjamlaşdyrylan. Standart enjamly görnüşine iki sany 150 А·h litiý batareýasy, 2000 Wt inwertor we dizel ýyladyş ulgamy girýär. Süýji suw çelegi 110 litrlik, “akdyrmak” üçin ulanylýan çelege bolsa 90 litr suw sygýar.

Ýolsuz ýerlerde sürmek isleýänler üçin öndüriji HMX 6.1-iň ýörite görnüşini taýýarlady. Ol 190 at güýjündäki dizel hereketlendiriji we awtomatiki geçiriji bilen enjamlaşdyrylan. Ulag dört tigri hereketli Mercedes-Benz Sprinter 419 CDI furgonynyň esasynda döredildi.

Bu ýörite wersiýada ulagyň ýerden beýikligi ýokarlandyryldy, hereketlendirijiniň we aşagynyň goragy güýçlendirildi, eňňitden düşülende kömek ulgamy we elektronika arkaly ýygnalýan basgançak bilen üpjün edildi.

Germaniýada HMX 6.1-iň ýolsuzlyk ýerler üçin niýetlenen görnüşi 92 999 ýewrodan (takmynan 107 590 dollardan) satylýar, bu bolsa standart HM 6.1-den 14 000 ýewro (takmynan 16 200 dollar) gymmat.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.