Ummanyň düýbünde «Maýkl Jekson ýörişli» balyk kamera düşürildi

05.09.2026, 11:0810,409
1 / 2

Alymlar ilkinji gezek Scalicus engyceros balygynyň deňziň düýbünde diňe gapdala däl, eýsem, yza tarap hem hereket edip bilýändigini wideo düşürdi. Gözegçilik Günorta Hytaý deňziniň üç sebitinde, 350–500 metr çuňlukda geçirildi.

Sun Ýatsen adyndaky uniwersitetiň hem-de Gunduň welaýatynyň Deňiz ylymlary we inženerçiligi barlaghanasynyň hünärmenleri bu açyş barada «Ocean-Land-Atmosphere Research» žurnalynda çap edilen «Ýöreýän balyk» («Walking Fish») atly makalada gürrüň berdiler.

Wideoýazgylarda krewetka meňzeş bu balygyň ilki leňňeç ýaly gapdala, soňra bolsa yza tarap hereket edip başlaýandygy görünýär. Barlagçylar balygyň bu hereketini Maýkl Jeksonyň meşhur «aý ýörişine» meňzetdiler.

Deňiz horazy diýlip atlandyrylýan Scalicus engyceros Ýuwaş ummanynyň günbatar böleginde ýaşaýar. Bu görnüş ilkinji gezek Albert Gýunter tarapyndan 1872-nji ýylda hasaba alnypdyr. Balygyň deňziň düýbünde «ýöräp bilýändigi» öňden bäri belli bolsa-da, onuň yza tarap hem hereket edip bilýändigi diňe çak edilýärdi. Täze gözegçilikler bu çaklamany ahyryn tassyklady.

Deňiz horazlary deňziň düýbünde hereket etmek üçin döş ýüzgüçleriniň ýörite şöhlelerini ulanýar. Bu bölekler adaty ýüzgüçlerden has galyň we berk bolup, balyga deňiz düýbünde çalt hereket etmäge, zerur bolanda bolsa birden öňe okdurylmaga mümkinçilik berýär.

Alymlarda balygyň uly gözleri hem uly gyzyklanma döretdi. Jandar golaýlaşyp gelýän suwasty enjamyna göni seretmedik hem bolsa, gözleriniň enjamyň çyrasynyň ýagtysyna täsir edýändigi gözegçilik wagty ýüze çykaryldy.

Gözegçilikler adam tarapyndan dolandyrylýan «Shenhaiyongshi» atly çuň suw enjamy hem-de uzak aralykdan operator tarapyndan dolandyrylýan «Haiqin» enjamy arkaly amala aşyryldy.