Şu tomus Fransiýada hasaba alnan güýçli yssy sebäpli muzeýleriň iş wagtynyň gysgaldylmagy medeni edaralara uly maliýe zyýanyny ýetirdi. «Le Monde» gazetiniň habar bermegine görä, bu ýagdaýdan, esasan, Parižiň Luwr muzeýi zyýan çekdi.
Luwruň yssy howa sebäpli ýitgileri, takmynan, 1 million ýewro ýetdi. Muzeý iş wagtynyň gysgalmagy zerarly 60 müň petegi ýatyrmaly boldy, iýun–awgust aýlarynda gelim-gidim bolsa, geçen ýylyň tomsy bilen deňeşdirilende, 9% azaldy.
Petek satuwynyň peselmeginden başga-da, işgärler üçin 2 müňden gowrak wentilýatoryň, 243 sany köp gezeklik suw çüýşeleriniň hem-de ýeňilleşdirilen geýimleriň alnyp berilmegi edaranyň çykdajylaryny artdyrdy.
Yssy howa Fransiýanyň beýleki taryhy we medeni desgalaryna hem täsirini ýetirdi. Ýüz töweregi desga gözegçilik edýän Milli ýadygärlikler merkezi (CMN) eýýäm bronlanan petekleriň ýatyrylmagy sebäpli 525 müň ýewro möçberinde öwez tölegini tölemeli boldy. Merkeziň garamagyndaky desgalara umumy gelim-gidim bolsa 7% peseldi.
Wersaldaky köşk toplumynyň myhmanlary hem ep-esli azaldy. Şu tomus ol ýere baran syýahatçylaryň sany 33% kemeldi, ýitgiler bolsa 260 müň ýewro barabar boldy. Şeýle hem Gran-pale sergi merkezi 160 müň ýewro, Tokio köşgi bolsa 100 müň ýewro möçberinde ýitgi çekendiklerini mälim etdi. Orse we Oranžeri muzeýleriniň ýatyrylan petekler üçin öwez tölegleri, degişlilikde, 70 müň ýewro we 60 müň ýewro boldy.
Ekologik geçiş ministri Monik Barbýu 2026-njy ýylyň tomsunyň Fransiýada 1900-nji ýyldan bäri iň yssy we iň uzak, ýagny yzygiderli 23 gün dowam edendigini belledi.
Ýurtda şeýle gaýtalanýan yssy tolkunlarynyň umumy ykdysadyýete 10–15 milliard ýewro töweregi zyýan ýetirip biljekdigi çak edilýär.