Tailandda «hakyna tutma dostlugyň» hyrydary köpelýär

Düýn, 14:303,516

Tailandda «hakyna tutma dost» hyzmatyna bolan isleg barha artýar. Adamlar syýahat wagtynda, kafelere ýa-da sport zallaryna baranda, şeýle-de fotosessiýalarda özlerine ýoldaş bolmagy üçin ýörite adam hakyna tutýar.

Hünärmenler bu tendensiýany ýurtda ýalňyz ýaşaýan adamlaryň sanynyň köpelmegi we durmuş ýörelgeleriniň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýar.

Euromonitor International-yň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda Tailanddaky öý hojalyklarynyň 29,5%-i bary-ýogy bir adamdan ybarat bolupdyr. Şeýle-de bolsa, müşderileriň hakyna tutma ýoldaş gözlemeginiň ýeke-täk sebäbi ýalňyzlyk däl.

Bu hyzmatdan talyplar we syýahatçylar surata düşürmäge kömek etjek ýa-da gezelenç wagtynda olary güýmejek adamlary hakyna tutmak üçin peýdalanyp biler. Şeýle hyzmat «hemra bolýanlar» üçin goşmaça girdeji çeşmesine öwrülýär. Olaryň biri 1 sagat ýoldaşlygy üçin 1000 bat ($30) alýandygyny hem-de howpsuzlyk nukdaýnazaryndan müşderilerini seresaplyk bilen saýlaýandygyny aýdýar.

Sosiolog Naruponе Duangwises şeýle hyzmatlaryň adaty durmuşda täze tanyşlyk gurmakda kynçylyk çekýän adamlara emosional rahatlyk berýändigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň pikiriçe, hakyna tutma ýoldaşlary zorluklardan we beýleki ätiýaçly ýagdaýlardan goramak üçin anyk kadalar we howpsuzlyk çäkleri bolmalydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.