Täjigistanda Syýahatçylygyň ösüş gaznasy döredildi. Ol beýlekiler bilen bir hatarda syýahatçylyk ýygymlarynyň hem hasabyna doldurylar. Degişli karar ýurduň hökümeti tarapyndan 1-nji iýulda çykarylypdy, indi bolsa ol güýjüne girdi.
Gazna Täjigistanyň raýatlarynyň daşary ýurda syýahat etmek üçin satyn alýan syýahatçylyk bukjalarynyň bahasyndan 5%-ini, şeýle hem daşary ýurtly syýahatçylardan ýurtda bolýan her bir güni üçin ýygym alar. Mundan başga-da, gazna syýahatçylyk hyzmatlaryny bermek üçin rugsat tölegleriniň, jerimeleriň, depozitlerden alnan girdejileriň, grantlaryň we halkara maliýe guramalarynyň maksatlaýyn serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler.
Tölegleriň ilkinji iki görnüşi eýýäm 2019-njy ýylda girizilen syýahatçylyk salgydyna degişlidir. Şonda daşary ýurtly syýahatçylaryň we syýahatçylyk kompaniýalarynyň üsti bilen daşary ýurda gidýän Täjigistanyň raýatlarynyň her gün üçin 1 dollar tölemelidigi habar berlipdi.
Ýygymdan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, Çernobyl AES-indäki heläkçiligiň netijelerini aýyrmaga gatnaşanlar, birinji we ikinji topar maýyplar, 16 ýaşyna ýetmedik çagalar we diplomatlar boşadylýar.
Gaznanyň pullary syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmäge, kadrlary taýýarlamaga, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmäge, innowasiýalary ornaşdyrmaga we barlaglary geçirmäge gönükdiriler. Ýylyň dowamynda ulanylmadyk serişdeler geljek ýyla geçiriler.
Her aý gelen girdejiniň 30%-i Syýahatçylyk hyzmatlarynyň maglumat merkezine ugradylar.
Gaznanyň serişdelerini Syýahatçylygy ösdürmek baradaky komitetiň başlygynyň we onuň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky 13 adamdan ybarat geňeş dolandyrar. Komitet ýarym ýylda bir gezek hökümete hasabat berer, her ýyl bolsa gaznanyň işi baradaky maglumatlary çap eder.
Iýul aýynyň ahyrynda hökümet 2027–2030-njy ýyllar üçin Syýahatçylygy ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny tassyklady. Ýakyn üç ýylda pudagy ösdürmäge 270 million somoniden gowrak (takmynan, 29 million dollar) serişde gönükdirmek göz öňünde tutuldy.