Türkmen dokma önümleri Tokioda geçirilen sergide ýokary gyzyklanma döretdi

06.04.2019, 10:331,254

Türkmenistanda öndürilen dokma we tikinçilik önümleri Ýaponiýanyň paýtagtynyň «Tokyo International Forum» sergi merkezinde geçirilen «Jitac European Textile Fair Spring — 2019» halkara sergide görkezildi. Ýokary hil derejesi hem-de özboluşlylygy bilen tapawutlanýan türkmen dokma we tikinçilik önümleri sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň esasy maksady Aziýa ýurtlarynyň tikinçilik senagat önümlerini öndürijileriniň we import edijileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de oňa gatnaşyjylaryň tagallalaryny birleşdirmek arkaly dokma bazaryny has-da ösdürmek bolup durýar.

Tokioda geçirilen serginiň dowamynda Türkmenistanda öndürilýän dokma önümlerine bagyşlanan ýörite tanyşdyrylyş dabarasy hem guraldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.