Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaumy gutlady

Şu gün, 10:551,217

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma we ýurduň ähli halkyna Meksikanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Klaudiýa Şeýnbauma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni (Día de la Independencia) her ýylyň 16-njy sentýabrynda bellenilýär, ýöne esasy dabaralar 15-nji sentýabrda agşam geçirilýär. Bu sene 1810-njy ýylda ruhany Migel Idalgo-i-Kostilýanyň Dolores şäherinde ybadathana jaňyny kakyp, Ispaniýanyň agalygyna garşy gozgalaň turuzmaga çagyrmagy («Grito de Dolores») we Meksikanyň garaşsyzlygy ugrundaky göreşiň başlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

Däp bolşy ýaly, ýurtda bu baýramçylyk Prezidentiň Milli köşgüň eýwanynda şol ybadathana jaňyny kakyp, milli gahrymanlaryň adyny tutup gygyrmagy (Dolores sesi) bilen başlanýar. Ol öz sözlerini üç gezek «¡Viva México!» jümlesi bilen tamamlaýar, meýdançadaky mähelle hem oňa garşylyklaýyn «¡Viva!» diýip jogap berýär.