Türkmenistanyň Prezidenti gurluşygy gutaran ähli desgalara barlaglary geçirmegi tabşyrdy

13.04.2019, 11:592,050

12-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna döwletimiziň köp serişdeleri goýberýändigini belledi. Muňa garamazdan, soňky döwürde käbir desgalaryň möhletinden gijikdirilip gurulýandygyna, beýlekileriniň bolsa, hasapdan-hasaba berilmän, eýesiz galýandygyna ünsi çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradow hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow tarapyndan bu işlere gözegçiligiň gowşadylandygyna ünsi çekip, ähli gurluşygy gutaran desgalara barlaglary geçirmegi hem-de seljerip, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet topary kabul edip alnandan soň, şol desgalary ulanmak üçin buýrujylaryň hasabyna geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisine hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.