Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda gutlag kitaby açyldy

01.05.2019, 23:471,010

1-nji maýda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda bu ýurduň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli Gutlag kitaby açyldy. Bu kitap Türkmenistanyň resmi adamlarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň adyndan gutlag sözlerini ýazmak üçin niýetlenendir, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Gutlag kitabynda Türkmenistanyň resmi adamlary özleriniň ýadygärlik gutlag ýazgylaryny ýazdylar.
Gutlag kitaby Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Imperatorlyk köşgüniň Müdirligine berler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.