«123456» millionlarça adamlaryň ulanýan iň ýörgünli paroly

02.05.2019, 00:073,153

Howpsuzlygy mese-mälim görnüp durandygyna garamazdan, köp sanly ulanyjylar öz poçtalary üçin iň ýönekeý parollary saýlaýarlar. Bilermenler sanlaryň ýönekeý yzygiderliginden başga-da, öz adyňy hem-de söýgüli futbol toparyň adyny parol hökmünde peýdalanmakdan saklanmagy maslahat berýärler.
Beýik Britaniýanyň Kiberhowpsuzlyk boýunça milli merkezi tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, tutuş dünýäde 23 million adam häli-häzirem «123456» sanlary parol hökmünde peýdalanýarlar.
Ýaman niýetliler üçin ýeňiljek hem-de howply bolan bu parol öňdeligi saklaýar. Mundan başga-da, iň ýörgünli howply parollaryň sanawyna «123456789» san yzygiderliligi hem girdi. 8 milliondan gowrak adam şu paroldan peýdalanýar.
Köp sanly ulanyjylar «qwerty» we «password» ýaly 4 million adamyň peýdalanýan parollaryny howpsuz hasaplap ýalňyşýarlar. Bäşinji ýerde «1111111» ýedi sany birlik durýar. 
Bilermenleriň bellemegine görä, ýeňil bilinjek sözler, mysal üçin, doglan gün, söýgüli aýdymçyň ýa-da artistiň, türgeniň, şeýle hem edebi eserleriň gahrymanlarynyň atlary hem parol hökmünde ulanylmaly däldir.
Olaryň tassyklamagyna görä, parol hökmünde özara baglanyşygy bolmadyk üç söz ulanmak iň amatlysydyr. Bu hili kombinasiýalary kesekiler döwüp bilmez.