iPhone 11 Pro Max iň uzak wagtlap işlemäge ukyply smartfon

28.09.2019, 23:1412,614

«Mrwhosetheboss» YouTube ýaýlymynyň awtory Apple kompaniýasynyň täze smartfonlarynyň akkumulýatorlarynyň hakykatdan hem uzak wagtlap işlemäge ukyplylygynyň barlagyny geçiripdir. Alnan netijelere görä, iPhone 11 Pro Max hatda Huawei Mate 30 Pro-dan hem öňe geçmegi başarypdyr. Ýogsam, Huaweiň iň täze smartfonlary awtonomlyk babatda iň gowularynyň hatarynda görülýärdi.
Deňeşdirmek üçin bäş sany smartfon alyndy: iPhone 11, iPhone 11 Pro, iPhone 11 Pro Max, Huawei Mate 30 Pro и Samsung Galaxy Note10+. Barlag geçirmek üçin bloger ähli smartfonlaryň ekranlaryny maksimal derejede ýagtylandyrdy we yzygiderlikde dürli programmalary işe girizdi: brauzer, kamera, Instagram, YouTube, birnäçe oýunlary we beýlekileri. Şeýle etmek bilen ol enjamlaryň ulanylyşynyň dürli ýagdaýyny döredipdir.
Barlagyň barşynda ilkinji bolup ekrany 6 sagatlap işläninden soňra adaty iPhone 11 öçüp galdy. Ondan ep-esli wagt soňra iPhone 11 Pro we Galaxy Note10+ öçdi. Hemmesinden artyk Mate 30 Pro we iPhone 11 Pro Max saklanyp bilipdir. Ýöne iPhone 11 Pro Max Huaweiden bary-ýogy birnäçe minut artyk saklanypdyr.
Diýmek, iPhone 11 Pro Max we Mate 30 Pro smartfonlaryny bazarda iň uzak wagtlap işlemäge ukyply enjamlar hasaplap bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.