Türkmen-italýan gepleşikleriniň netijesinde gol çekilen resminamalar

09.11.2019, 15:022,591

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şol resminamalar şulardan ybarat:
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşky gurşaw, ýeri we deňzi goramak ministrliginiň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsiri, töwekgelçiliklere baha bermek, uýgunlaşmak we täsiri azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Bilim, uniwersitetler we barlaglar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.