Pakistanyň Prezidenti Sinopharm sanjymyndan soň, koronawirus bilen keselledi

31.03.2021, 01:2021,608

Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi Sinopharm hytaý sanjymynyň ilkinji dozasyndan soň koronawirus bilen keselledi, bu barada ol twitter sahypasynda habar berdi. Muny Interfax ýetirýär.

«Meniň COVID-19 üçin barlagym položitel çykdy. Goý, COVID-19-dan zyýan çekenleriň ählisine Alla rehim etsin. Sanjymyň ilkinji dozasyny aldym, ýöne antibedenjikler indiki hepdä meýilleşdirilýän ikinji sanjymdan soň ýüze çykyp başlaýarlar. Sizden seresaply bolmagyňyzy haýyş edýäris» – diýip, Alwi ýazdy.

Pakistanyň Prezidenti we onuň aýaly Samina Alwi 15-nji martda Yslamabatda Sinopharm hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen sanjymy aldylar. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, ikinji dozadan 28 gün geçenden soň, derman serişdesiniň täsirliligi 79,34% bolýar.
Ýurtda koronawirusa garşy sanjym Hytaýyň Sinopharm kompaniýasyndan 500 müň doza sanjym alnandan iki gün soň, 3-nji fewralda başlady. Bu derman serişdesi hereketsizlendirilen wirusyň esasynda döredildi we azyndan 16 ýurtda tassyklandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.