Werstappen Fransiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy

25.07.2022, 08:463,522

“Red Bull” toparynda çykyş edýän niderlandiýaly sürüji Maks Ferstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 12-nji tapgyry bolan Fransiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş “Pol Rikar” awtodromynda geçirildi. 

Ikinji orny “Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton eýeledi. Onuň watandaşy we topardaşy Jorj Rassell bolsa pellehana üçünji bolup geldi.
Indiki tapgyr 29 – 31-nji iýulda Wengriýada geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.