Mercedes toparynyň italiýaly sürüjisi Andrea Kimi Antonelli "Formula-1" dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly türgen üçin bu ýeňiş häzirki möwsümde we karýerasynda altynjy boldy.
Hormat münberinde ikinji orny Ferrari toparyndan Şarl Lekler eýeledi, bäsleşigi üçünji bolup bolsa Red Bull-dan Maks Werstappen tamamlady.
Jorj Rassel, Lens Stroll we Serhio Peres ýaryşy tamamlap bilmediler. Rassel Lýuis Hemilton bilen çaknyşykdan soň eýýäm birinji aýlawda ýaryşdan çykdy. Ýedi gezek dünýä çempiony bolan britaniýaly türgen bäş sekuntlyk jerime alyp, netijede dördünji orny eýeledi.
On tapgyrdan soň Antonelli 204 utuk toplap, umumy hasapda öňdeligi eýeleýär. Ikinji orunda 159 utuk bilen Lýuis Hemilton, üçünji orunda bolsa, 154 utuk bilen Jorj Rassel ýerleşýär.
Çempionatyň indiki tapgyry 26-njy iýulda Modoroda (Wengriýa) bolar.