«McLaren» toparyndan «Formula-1-iň» häzirki çempiony Lando Norris «Hungaroring» ýaryş ýolunda geçirilen Wengriýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, şu möwsümde ilkinji ýeňşini baýram etdi.
Ikinji bolup Maks Werstappen («Red Bull»), üçünji bolsa çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli («Mercedes») pellehana geldi.
Norris ýaryşa poul-pozisiýasyndan başlady, ýöne eýýäm ilkinji aýlawda öňdeligi topardaşy Oskar Piasträ berdi. Ýaryşyň ikinji ýarymynda awstraliýaly türgen ýaryşy dowam etdirip bilmän, ýoldan çykdy, bu bolsa britaniýaly türgene birinji orny yzyna gaýtaryp almaga we ýaryşy ýeňiş bilen tamamlamaga mümkinçilik berdi. Pellehanadan soň, Norris Piastriniň ýaryşdan çykmagynyň sebäbini bilmeýändigini, ýöne möwsümde ilkinji üstünligine begenýändigini aýtdy.
Bu tapgyra çenli geçen ýylky çempion diňe iki gezek — Maýamidäki (ABŞ) we Barselonedaky (Ispaniýa) ýaryşlarda münbere çykypdy.
Tapgyrdan soň Antonelli 219 utuk bilen şahsy sanawda liderligini saklaýar. Onuň yz ýanyndan Hemilton (169) we Rassell (160) barýarlar. Konstruktorlaryň kubogynda 379 utuk bilen «Mercedes» öňdeligi eýeleýär.
Çempionatyň indiki tapgyry 23-nji awgustda Zandwortda (Niderlandlar) geçiriler.
Şeýle hem guramaçylar Bahreýniň Gran-prisiniň Malaýziýadaky «Sepang» ýaryş ýoluna geçirilendigini mälim etdiler, ol ýerde ýaryş 2-4-nji oktýabrda bolar. Bu tapgyr 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Malaýziýa dolanyp barýar.
Bu karar Bahreýniň we Saud Arabystanynyň Gran-prisiniň ýatyrylmagyndan soň kabul edildi.
Şunlukda, sentýabryň ahyryndan oktýabryň ortalaryna çenli yz-yzyna üç tapgyr: Bakuwda, Singapurda we Malaýziýada bolar.