BMG-niň klimat boýunça konferensiýasyna BAE-niň senagat ministri başlyklyk eder

13.01.2023, 07:335,682

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň  (COP28) 28-nji konferensiýasyna BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri hem-de Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan bin Ahmed Al-Jaber ýolbaşçylyk eder. BAE-niň habarlar gullugy (WAM) penşenbe güni bu baradaky beýannamany köpçülige ýetirdi.

"COP28 başlygy wezipesine bellenen doktor Al-Jaber, hökümetara gatnaşyklaryň işine ýolbaşçylyk etmekde, konsensusy kemala getirmekde we howa boýunça başlangyçlaryny öňe sürmekde möhüm rol oýnar" – diýip, beýannamada aýdylýar.

COP28 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabry aralygynda Dubaýda geçiriler. Maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden 80 müňe golaý wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.