ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligine konteýnerli kislorod öndüriji desgalary gowşurdy

11.05.2023, 15:1024,732

10-njy maýda ÝUNISEF  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine üç sany konteýnerli kislorod öndüriji desgany gowşurdy. Olar Aşgabatdaky Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezinde we Şikesleri bejeriş halkara merkezinde gurnaldy, şeýle-de Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň hassahanasynda onuň gurnama işleri alnyp barylýar. Bu barada guramanyň saýty habar berýär.

Bu desgalar «Gutudaky kislorod kärhanasy” ady bilen belli bolan täzeçil gaýragoýulmasyz çözgütdir.
Kislorod öndüriji desga hassalary kislorod bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Uly möçberde lukmançylyk maksatlary üçin kislorody öndürmek üçin bu täzeçil  köptaraply çözgüdi edara gelip gowşandan soň eýýäm birnäçe günden ulanyp bolýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.