Türkmen talyplary Polşada geçen Halkara matematika olimpiadasynda 25 medal gazandy

17.11.2023, 18:0510,189

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 25-si Polşa Respublikasynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, 8 altyn, 11 kümüş we 6 bürünç medallara mynasyp boldular. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Polşa Respublikasynda geçirilen bu abraýly aň-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň  30-synyň köpsanly wekilleri gatnaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.