Türkmenistanyň DIM-nde Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

16.01.2025, 15:002,044

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk hukuk binýadyna daýanmak bilen, yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini bellediler.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar.
Şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.