Hyundai Ioniq 5 N Tsukuba ýaryş ýolunda Tesla Model S Plaid-diň rekordyny döwdi

19.02.2025, 23:593,401
1 / 3

Hyundai Ioniq 5 N TA Spec Ýaponiýanyň meşhur Tsukuba ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Ol bu ýoly bary-ýogy 57,446 sekuntda geçdi diýip, «HotCars» habar berýär.

Geçen ýyl Tesla Model S Plaid şol ýaryş ýoluny 59,598 sekuntda geçipdi.
Hyundai bu üstünlige ýetmek üçin Ioniq 5 N modeline käbir kiçi üýtgetmeleri girizdi. Kompaniýa ulagyň yzky hereketlendirijisiniň kuwwatyny artdyrdy. Indi ol 687 at güýjüne çenli güýç öndürip bilýär. Şeýle-de awtoulag sport tormozlary we aerodinamiki toplum bilen enjamlaşdyryldy.
Rekord goýan Ioniq 5 N TA Spec ulagynyň sürüjisi tejribeli ýaryşçy Nobuteru Tanigutidi. Onuň aýtmagyna görä, ulag ýolda örän durnukly saklanýar we ýokary tizlikde-de dolandyryşy elden bermeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.