17 ýaşly tennisçi Mirra Andreýewa WTA 1000 ýaryşynyň taryhynda iň ýaş ýeňiji boldy

25.02.2025, 12:325,310
1 / 2

Russiýaly tennisçi  Mirra Andreýewa Dubaýda geçirilen WTA-1000 kategoriýasyndaky ýaryşda ýeňiji boldy. 17 ýaşly türgen WTA-nyň taryhynda bu kategoriýadaky ýaryşda ýeňiji bolan iň ýaş tennisçi boldy diýip, RBK habar berýär.

Final duşuşygynda Andreýewa dünýäniň 38-nji raketkasy daniýaly Klara Tausony 7:6 (7:1), 6:1 hasap bilen ýeňdi.
Ýaryşa çenli russiýaly türgen dünýä reýtinginde 14-nji orny eýeleýärdi, emma ýaryşdan soň, ol top-10-luga girdi. Şeýle hem Dubaýdaky ýeňşinden soň, 1000 reýting utugyny we 600 müň dollar möçberde pul baýragyny aldy.
WTA 1000 — abraýy boýunça "Uly tuwulga" we Jemleýji ýaryşdan soň durýan ýaryşdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.