Işgärleriniň seresapsyzlygy zerarly täze Audi A6 baradaky maglumatlar tanyşdyrylyşdan birnäçe gün öň ýaýrady

26.02.2025, 14:206,873
1 / 4

Täze Audi A6-nyň tanyşdyrylmagyna sanlyja gün galanda Internetde bu häzirki zaman uniwersal ulagynyň daş görnüşi, aýratynlyklary barada maglumatlar bolan wideo syzdyryldy. 

Maglumatlaryň syzdyrylmagy bu gezek insaýderleriň tagallasy bilen däl-de, brendiň işgärlerleriniň geleňsizligi zerarly bolup geçdi. Olar ulagyň suratlaryny we wideosyny, tötänden, meýilleşdirilen wagtyndan öň çykarypdyrlar. 
Audi A6 resmi taýdan 4-nji martda tanyşdyrylar. Emma bu senä garaşyp oturasy zerurlyk ýok, gara uniwersal barada maglumatlaryň esasy bölegi diýen ýaly belli boldy. PPC platformasynda gurnalan ulag içinden ýandyrylýan hereketlendirijä, sürüjä kömek ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine we häzirki zaman media ulgama eýe boldy.
Ulagyň esasy wersiýasy 272 at güýjüni berýän 2,0 litr turbohereketlendirijä, iň aňrybaş görnüşi bolsa 340 at güýjüni berýän 3,0 litrlik hereketlendirijä eýe bolar.


Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.