Türkmenistan Bangladeşi Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma çagyrdy

04.03.2025, 20:472,450

28-nji fewralda Bangladeşiň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Bangladeşiň Pakistandaky ilçisi Ikbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi Bangladeşiň ilçisine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddiniň adyna ýollan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna resmi çakylyk hatyny berdi.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.