YHG-niň ýolbaşçylygyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çakylyk haty gowşuryldy

11.03.2025, 08:314,253

Ýakynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçisi O.Çaryýew bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hissein Brahim Tahanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň YHG-nyň Baş sekretarynyň adyna ýollan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumyna resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.