Jaguar Land Rover kuwwatyny ýitirmek töwekgelçiligi sebäpli 630 müň ulagy yzyna çagyrýar

15.03.2025, 10:265,895

Jaguar Land Rover kompaniýasy VCT gaz paýlaýjy faza ulgamynyň näsazlygy sebäpli Hytaýda satylan 630 müňden gowrak awtoulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu näsazlyk ulag sürlüp barylýarka birden kuwwatyň ýitmegine sebäp bolup biler.

Yzyna çagyrylýan ulaglara Range Rover Evoque, Discovery Sport, Jaguar XF, XFL, XE, XJ we 2011-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli öndürilen beýleki modeller degişli boldy. Eýelerine motoryň işleýşine gözegçilik etmek maslahat berilýär. Eger indikatorlaryň çyrasy ýansa ýa-da üýtgeşik ses eşidilse, derrew hyzmat merkezine ýüz tutmaly.
Jaguar Land Rover kemçilikli bölekleri mugt çalşar hem-de hyzmat merkezlerinde we uzakdan “howa arkaly” elýeterli programma üpjünçiligini täzelemegi teklip eder. Şeýle hem sürüjilere dolandyryş ulgamynda ýalňyşlygyň ýüze çykmak ähtimallygyny azaltmak üçin gapyny açandan soň, ilkinji 10-12 sekuntda hereketlendirijini işletmezlik maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.