Amerikaly boksçy Fundora WBO we WBC titullaryny gorady

23.03.2025, 17:453,846

Amerikaly boksçy Sebastýan Fundora watandaşy Çordeýl Bukeri ýeňip, birinji orta agramda Bütindünýä boks guramasy (WBO) we Bütindünýä boks geňeşi (WBC) boýunça häzirki dünýä çempionynyň guşaklaryny gorady.

Boks söweşi Las-Wegasda geçirildi we Fundoranyň dördünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Amerikaly boksçy 2024-nji ýylyň mart aýynda awstraliýaly boksçy Tim Szýuny ýeňip gazanan guşaklaryny gorady. Tim Szýu öňki absolýut dünýä çempiony Konstantin Szýunyň ogludyr.
Fundora 27 ýaşynda. Ol professional ringde 22-nji ýeňşini gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda bir deňme-deňlik bilen bir ýeňliş bar. 33 ýaşly Bukeriň hasabynda indi iki ýeňliş we 23 ýeňiş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.