Aprel aýynda Türkmenistanda iňlis dili dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy geçiriler

27.03.2025, 14:463,749
1 / 2

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-11-ine talypklaryň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Olimpiada Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler.

Olimpiada talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek hem-de kämilleşdirmek, olarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak we daşary ýurt dillerine zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 2025-nji ýylyň mart aýynyň 31-ine çenli datmddi.edu.tm  resmi internet sahypasynda hasaba alynmaly.
1-2-nji aprelde olimpiadanyň saýlama tapgyry geçiriler.
10-njy aprelde institutyň uly mejlisler zalynda olimpiadanyň açylyş dabarasy geçiriler. Oňa türkmenistanly gatnaşyjylar gelip, daşary ýurtly gatnaşyjylar onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

10-11-nji aprelde olimpiada Düzgünnamada bellenen tertipde geçiriler.
Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy bilen sylaglanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.