Dýubua watandaşy Çisora bilen IBF titulynyň goragyny geçirmeli boldy

31.03.2025, 18:004,982
1 / 2

IBF britaniýaly boksçy Derek Çisoranyň öz watandaşy Daniel Dýubua bilen titul söweşini geçirmek üçin hökmany dalaşgärdigini tassyklady. Gurama titul goragyny 22-nji aprelde meýilleşdirmäge taýýar diýip, The Ring neşiri habar berýär.

Ýöne birleşdirilen dünýä çempiony, ukrainaly Aleksandr Usik bilen bolup biljek söweş häzirlikçe ileri tutulýar. Eger Dýubua-Usik rewanşyny ylalaşmak başartsa, gorag söweşi yza süýşüriler.
Ozal Dýubua titul goragyny 22-nji fewralda Saud Arabystanynda Jozef Parkere garşy geçirmegi meýilleşdiripdi, ýöne kesel sebäpli ringe çykyp bilmedi. Onuň ornuny Martin Bakole çalyşdy.
Dýubuanyň Usik bilen ilkinji söweşi 2023-nji ýylyň awgust aýynda Polşada geçirildi we ukrainalynyň dokuzynjy raundda nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Ýeňlişden soň Dýubua üç söweşe gatnaşdy we olaryň ählisinde möhletinden ir ýeňiş gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.