19 ýaşly çehiýaly Menşik Miami Open-iň finalynda Jokowiçden üstün çykdy

31.03.2025, 23:505,159

19 ýaşly çehiýaly tennisçi Ýakub Menşik Floridada geçirilen ATP 1000 Miami Open ýaryşynda ýeňiji boldy. Ol finalda dünýäniň bäşinji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy.

Menşik taý-breýk bilen iki setde-de üstün çykdy – 7:6 (4), 7:6 (4). Oýun 2 sagat 5 minut dowam etdi.
Partiýalaryň ikisi-de deň derejeli göreş bilen geçdi, ýöne ahyrynda Menşik has takyk hereket etdi. Iki tennisçi hem 76 utuk gazandy.
Menşik üçin bu karýerasynda ilkinji ATP tituly boldy. Ol 1985-nji ýylda döredilenden bäri Maýami ýaryşynyň taryhynda iň pes reýtingli çempion boldy – ýaryşyň başynda ol 54-nji orny eýeleýärdi.
Mundan başga-da, çehiýaly türgen 37 ýaşly Jokowiçe karýerasynda 100-nji titulyny gazanmaga  we taryhda şeýle üstünlige ýeten üçünji tennisçi bolmaga mümkinçilik bermedi.
Menşik Karlos Alkarasdan soň (2022) Miami Open-iň ikinji iň ýaş ýeňijisi boldy. ATP-niň täzelenen reýtinginde ol öz ornuny 30 setir ýokarlandyryp, 24-nji orna çykar. Jokowiç bäşinji bolup galar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.