Türkmenistanyň Er-Riýaddaky ilçihanasy futbol we küşt boýunça ýaryşlary geçirdi

11.04.2025, 22:414,433

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy Er-Riýad şäherinde sportuň futbol we küşt görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, sport ýaryşlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy.
Çärä Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, hem-de bu ýerde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň ahyrynda tawaputlanan gatnaşyjylara ilçihana tarapyndan sylaglar gowşuryldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.