Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirdi

07.05.2025, 00:585,274
1 / 4

5-nji maýda Türkiýäniň Medipol uniwersitetinde Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygynyň we türkmen talyp ýaşlary bilen bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite baýramçylyk sergi-tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Çäräniň çäklerinde Medipol uniwersitetinde okaýan talyplaryň we akademiki jemgyýetiň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen medeniýetine bagyşlanan dabaraly konsert guraldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň pawilýonynda baýramçylyk sergi-çäresine gatnaşan birnäçe daşary ýurtly myhmanlara, talyp ýaşlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky üstünlikler, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän möhüm başlangyçlary we birek-birege gyzyklanma döredýän meseleler boýunça giňişleýin maglumat berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan çäreler hakynda giňişleýin tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistan baradaky wideo ýazgylar görkezildi hem-de sergä gatnaşan myhmanlara türkmeniň milli tagamy bolan palaw hödür edildi.


Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.