Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy

22.05.2025, 00:5014,750

21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine bardy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, saparyň maksady - ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatyny, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryny halkara jemgyýetçiligine ýetirmek, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.