14-nji iýuldan Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlanýar

12.07.2025, 08:1018,595

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, okuwa kabul etmeklik 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guralar.
Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçiriler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugy bilen, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.