Günorta koreýaly balykçylar awlan 1,9 million dollarlyk balyklaryny deňze taşlamaly boldular

15.07.2025, 12:2916,810
1 / 2

Günorta Koreýanyň balykçylyk gämisiniň ekipažy umumy bahasy 1,9 million dollar bolan 1300-den gowrak  mawy reňkli ýuwaş umman tunesini suwa taşladylar. Bu barada ýerli hökümetiň maglumatyna salgylanýan South China Morning Post habar berdi.

Her balygyň agramy 100-150 kg aralygyndady. Gämi skumbriýa we kalmar balyklaryny tutmak bilen meşgullanýardy. Tunesleriň sürüsi tötänden olaryň  torlaryna düşdi. Waka Ýondok sebitinde bolup geçdi, bu ýylda mawy reňkli tunesi  tutmak üçin goýlan çäklendirme eýýäm doly ulanylypdy.
Balygy satmak ýa-da daşamak jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge getirip biljekdi, sebäbi mawy tunes - balygyň goralýan görnüşi. Balyk tutmagyň düzgünlerini bozmak ekipažyň agzalarynyň iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmegine sebäp bolup bilerdi.
Mawy tunes balygyny tutmaga diňe tassyklanan çäklendirmeleriň çäginde rugsat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.