Günorta koreýaly ýerine ýetiriji PSY-yň «Gangnam Style» aýdym-saz klibi K-pop wideolarynyň arasynda ilkinji bolup YouTube platformasynda 6 milliard tomaşadan geçdi.

Klip platformada 2012-nji ýylyň 15-nji iýulynda ýerleşdirilipdi. Eýýäm dekabr aýynda ol ilkinji bolup YouTube-da 1 milliard tomaşa ýetdi, aýdym bolsa yzygiderli ýedi hepdeläp Billboard Hot 100 çartynda ikinji orny eýeläp, günorta koreý pop-sazynyň dünýäde meşhur bolmagyna uly goşant goşdy.
«Gangnam Style» K-pop taryhynda iň ähmiýetli kompozisiýalaryň biri hasaplanýar.
Wideo häzirki görkezijisine çykanyndan 14 ýyldan gowrak wagt geçenden soň ýetdi. Mundan öň, 2023-nji ýylyň dekabrynda ol 5 milliard tomaşa görkezijisinden geçipdi, soňra bolsa üç ýyldan hem az wagtyň dowamynda ýene bir milliardy ýygnady.
Aýdymçy bu üstünligi Kwaçhondaky konsertiniň dowamynda muşdaklary bilen bilelikde belledi. PSY sahna gök penjekde we gara bant galstukda — şol klibindäki obrazynda çykdy we täze rekord üçin minnetdarlyk nyşany hökmünde bu çykyşyň ýazgysyny YouTube-da goýjakdygyny aýtdy.
Häzirki wagtda ýerine ýetiriji Günorta Koreýanyň dokuz şäherinde 14 sany çykyşy öz içine alýan «Summerswag 2026» konsert syýahatyny geçirýär.