Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde resminamalary kabul etmek işi dowam edýär

02.08.2025, 15:466,177

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  • Maliýe we karz.
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  • Salgytlar we salgyt salmak.
  • Ykdysadyýet we hojalyk hukugy.
  • Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul etmeklik Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.
Telefonlar: 49-64-29, 49-00-52.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.