Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi talyplyga çagyrýar

06.08.2025, 16:274,589

Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy
  • Maliýe we karz
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
  • Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary
  • Salgytlar we salgyt salmak
  • Bank işlerini programmirleşdirmek

Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 22
Telefonlar: 3-99-65, 3-99-68.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.