Montereýde Pebble Beach 2025 bäsleşiginde dünýäde iň kaşaň awtomobil saýlandy

19.08.2025, 18:297,384

Montereý şäherinde Awtomobil hepdeliginiň çäginde geçirilen meşhur Pebble Beach kaşaňlyk bäsleşiginde baş baýragy 1924-nji ýylda öndürilen, Tulipwood Torpedo kuzowly Hispano-Suiza H6C modeli aldy. Bu nusgawy awtoulagyň kuzowy fransuz kompaniýasy Nieuport-Astra tarapyndan döredildi.

Awtoulagy üç ýyl mundan ozal Florida ştatyndan Andersonlar maşgalasy Sotheby’s auksionyndan satyn alypdyr. Iki ýyl dowam eden dikeldiş işlerinden soň, ol ilkinji gezek köpçülige hut Montereýde görkezildi.
Eminler onuň seýrekdigini we ussatlyk bilen ýerine ýetirilişini aýratyn nygtadylar: mahagon agajyndan ýasalan, alýumin berkitmeler bilen berkidilen kuzow we aerodinamik gurluş awtoulagy taryhy taýdan örän gymmatly edýär.
Pebble Beach bäsleşigi däp boýunça 1920–1930-njy ýyllaryň awtoulaglaryna aýratyn üns berýär. Ýeňijileriň netijeleri hem şu adatyň dowam edýändigini tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.