Roblox platformasy TikTok-a meňzeş gysga wideo hyzmatyny – Moments-i hödürledi

12.09.2025, 13:104,118

Iň uly oýun onlaýn platformalarynyň biri bolan Roblox platformanyň içine goşulan Moments gysga wideo ulgamynyň beta-wersiýasyny hödürledi. Bu barada DigiDay saýty habar berýär.

Hyzmatyň işe girizilendigi barada San-Hosede geçirilen kompaniýanyň maslahatynda yglan edildi. Moments ulanyjylara gysga wideolary düşürmäge we olary Roblox-yň içinde paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin hyzmatyň içinde redaktirleme gurallary-da göz öňünde tutuldy.

“Biz Moments-i ulanyjylaryň gatnaşygyny we täze tejribäni ýokarlandyrmak üçin döredýäris” – diýip, kompaniýanyň wise-prezidenti Rajiw Bhatiýa aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, geljekde kontentiň üsti bilen gazanmak mümkinçiligi-de peýda bolup biler.

Şeýlelikde, Roblox diňe bir oýun üçin ýer bolman, eýsem TikTok ýa-da Instagram Reels ýaly gysga wideolary paýlaşmak üçin platforma öwrülmek isleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.