Mercedes-Benz 2025-nji ýylyň jemi boýunça G-Class ulagynyň rekord satuwyny hasaba aldy: bir ýylda 49 700 awtomobil satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldakydan 23% köpdür. Bu 1979-njy ýyldan bäri çykarylýan modeliň taryhynda iň gowy netije boldy.
Şol bir wagtyň özünde, konserniň bazardaky umumy görkezijisi öwerlikli däl – brendiň satuwy 9% – 1,8 mln awtomobile çenli azaldy.
Kompaniýa dürli hereketlendirijili näçe G-Class-yň satylandygyny aýtmaýar, ýöne EQ Technology tehnologiýasyna eýe bolan G580 elektrik wersiýasynyň rekorda «uly täsir edendigini» belledi. Ozal kompaniýanyň wekilleri elektrik «Gelendwagen» üçin islegiň ýokary däldigini aýdypdy.
2025-nji ýylda Mercedes 600 müňünji G-Class-y hem çykardy. Bu modelden öndürilen ulaglaryň, takmynan, 80%-i häzirem ulanylýar. Önümçilik Mercedes-iň özi tarapyndan däl-de, Magna Steyr kompaniýasy tarapyndan Awstriýanyň Gras şäherindäki zawodda alnyp barylýar.
Geljekde brend G-Class hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär: kabriolet gaýdyp geler we täze wersiýalar, şol sanda rama gurluşly, benzin we elektrik wersiýalary bilen has ykjam SUV peýda bolar. Onuň 2027-nji ýylda görkezilmegine garaşylýar.
Durnukly isleg alyjylaryň islegleriniň we bazaryň üýtgändigine garamazdan, G-Class-yň öňdebaryjy SUV ulaglarynyň biri bolup galýandygyny tassyklaýar.