Ýaponiýada işçisi we erkegi bolmadyk garynja görnüşi tapyldy

27.02.2026, 09:427,235
1 / 4

Alymlar koloniýalary diňe ene garynjalardan ybarat bolup, ne işçi garynjalary, ne-de erkek garynjalary öz içine alýan ylma mälim bolan ilkinji garynja görnüşini tapdy. Gürrüň Ýaponiýada ýaşaýan seýrek duş gelýän mugthor Temnothorax kinomurai görnüşi barada barýar diýip, The Independent neşiri habar berýär.
Adatça, garynja koloniýasy ene garynjadan (şa enesi), köpelmeýän işçilerden we jyns gatnaşygyndan soň gysga wagt ýaşaýan erkek garynjalardan ybarat bolýar. Emma T. kinomurai görnüşinde beýle düzgün ýok.
Mundan ozal bu garynjalaryň özlerine garyndaş bolan Temnothorax makora görnüşiniň koloniýalarynda mugthorluk edýändigi (bu görnüşiň hasabyna ýaşaýandygy) anyklanypdy. Olar hojaýyn-görnüşiň (Temnothorax makora) işçi garynjalaryny öz şa enesini ýok etmäge mejbur edýär — bu tebigatda örän seýrek hadysadyr, sebäbi tutuş koloniýanyň ýaşamagy ene garynja baglydyr.
Şondan soň T. kinomurai ene garynjalary partenogenez ýoly bilen köpelýär: olar tohumlandyrylmadyk ýumurtgalardan nesil öndürýär. Hojaýyn-görnüşiň işçi garynjalary bolsa bu nesli ulaldýar.


Barlaghana şertlerinde alymlar T. kinomurai ene garynjalary bolan alty sany koloniýany ýygnady we 43 sany garynja ösdürip ýetişdirdi. Seljermeler erkek garynjalaryň düýbünden ýokdugyny görkezdi. Gözegçilikler nesliň tohumlandyrylmasyz ösendigini tassyklady, anatomik barlaglar bolsa nesilleriň klonlaşdyrylýandygyny görkezdi.
Indi alymlar bu görnüşde işçi gatlagynyň we erkek garynjalaryň ýok bolmagyna haýsy ewolýusion şertleriň sebäp bolandygyny we bu adaty bolmadyk hadysanyň syryny açmak üçin barlaglary dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.