«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

13.05.2026, 23:202,530

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar.

Film 2027-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda dünýä prokatyna çykar. Mundan ozal premýera 2028-nji ýylyň 19-njy maýyna bellenilipdi.

Filme asyl trilogiýadan tomaşaçylara tanyş bolan Brendan Freýzer, Reýçel Waýs we Jon Hanna gatnaşar. Režissýorlar hökmünde Matt Bettinelli-Olpin we Taýler Jillett çykyş eder.

Sýužet barada giňişleýin maglumat häzirlikçe mälim edilmeýär.

Boşan senäni — 2028-nji ýylyň 19-njy maýyny — Maýkl B.Jordan we Ostin Batleriň gatnaşmagyndaky «Maýami polisiýasynyň» remeýki eýeledi. Onuň ýola goýujy režissýory hökmünde Jozef Kosinski görkezildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.