Täze Mercedes-AMG CLE 600 at güýjünden gowrak kuwwatly V8 hereketlendirijisine eýe bolar

Şu gün, 07:27913
1 / 3

Ispan suratçylary ilkinji gezek iň ýokary derejeli Mercedes-AMG CLE-niň hereketlendirijisini surata düşürdiler. Carscoops-yň maglumatlaryna görä, 63-nji model doly V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylar.

Çap edilen suratlardan çen tutsaň, kapotyň aşagynda 4,0 litrlik M177 Evo hereketlendirijisiniň bolmagy mümkin. Ýewropa wersiýasynda bu enjam 612 at güýjüni öndürýär we 850 Nm çekijiligi bar.

Eger çaklamalar tassyk bolsa, täze CLE 63 häzirki Mercedes-AMG CLE 53-den azyndan 150 at güýji kuwwatly bolar. Soňkusy 449 at güýjüne eýe bolan 3,0 litrlik alty silindrli hereketlendiriji esasynda döredilen ýeňil gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan.

Geljekki wersiýadaky daşarky tapawutlaryň arasynda täzelenen yşyklandyryş, başga bir arka diffuzor, täze radiator gözenegi we dört sany tüsseçykar turbasy bolmagyna garaşylýar.

Maý aýynyň ahyrynda Mercedes-AMG kompaniýasynyň baş direktory Mihael Şibe sekiz silindrli hereketlendirijileriň setiriniň giňeldilendigini tassyklady we olaryň biriniň CLE 63-e gurnaljakdygyny mälim etdi. Şeýle hem, kompaniýa bu platformada has güýçli hereketlendiriji wersiýasy bilen premium Mythos sub-brendiniň başga bir modelini çykarmagy meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.