Hytaýyň «Lingsheng» superkompýuteri dünýäde iň güýçlüsi boldy

Şu gün, 13:031,124

Hytaýyň «Lingsheng» superkompýuteri dünýäniň iň öndürijilikli superkompýuterleriniň «TOP500» sanawynda birinji orny eýeledi. Sanaw Gamburgda geçirilen «ISC 2026» Halkara superkompýuterler konferensiýasynda hödürlendi.

Şençžendäki Milli superkompýuter merkezi tarapyndan işlenip düzülen ulgam, ýüzýän nokatly hasaplamalarda 2,19 eksaflops öndürijiligini görkezdi. Munuň netijesinde Hytaý dokuz ýyldan bäri ilkinji gezek dünýäniň superkompýuterler reýtinginiň başyna gaýdyp geldi.

«Lingsheng» takmynan 47 müň sany köp ýadroly hytaý prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulgamyň energiýa sarp edişi 42,22 megawata barabar. Sowatmak üçin suwuklyk ulgamy ulanylýar.

Maglumat saklaýyş ulgamy umumy sygymy 650 petabaýt we geçiriş ukyby sekuntda 10 terabaýt bolan 428 uzelden ybaratdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.