Beýik Britaniýanyň Mahabat ülňüleri boýunça edarasy Adidas, Calvin Klein we Uniqlo brendleriniň birnäçe mahabatynyň ýaýradylmagyny gadagan etdi. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, bu brendleriň mahabat materiallaryndaky ekologik beýannamalar sarp edijileri ýalňyş düşünjä iterip biler diýlip hasap edilýär.
Barlaglar Google-da tölegli görkezilen mahabatlara degişli boldy. Adidas gaýtadan işlenen materiallar baradaky ýaňzytmalar bilen krossowkalary, Calvin Klein – zenan köýnekçelerini, Uniqlo bolsa fleýs keltekçelerini we paltolary mahabatlandyrdy.
Edaranyň pikiriçe, ulanylan sözlemler harytlaryň doly gaýtadan işlenen çig maldan öndürilen ýaly görkezse-de, kompaniýalaryň hödürlän materiallary munuň şeýledigini tassyklamady.
Derňewiň dowamynda Adidas belli-belli modelleriň gaýtadan işlenen materiallary öz içine alýandygyny we onuň degişli resminamalar bilen tassyklanýandygyny mälim etdi. Calvin Klein mahabatyň diňe gaýtadan işlenen we organik süýümler ulanylyp öndürilen önümlere degişlidigini düşündirdi. Uniqlo bolsa halkara güwänama ulgamyna salgylanyp, mahabatda gaýtadan işlenen materiallaryň ep-esli paýynyň görkezilendigini belledi.
ASA «gaýtadan işlenen» diýen aňlatmanyň, gepsiz-gürrüňsiz, önüm doly ikinji çig maldan öndürilipdir diýip düşünmäge tutaryk bolup biler diýen netijä geldi. Şikaýatlar we derňewler boýunça direktor Maýlz Lokwud ekologik beýannamalaryň anyk düşündirişler we ynamdar subutnamalar bilen tassyklanmalydygyny belleýär.
Bu çözgüt moda pudagyndaky ekologik marketingi barlamak kampaniýasynyň bir bölegidir. Mundan ozal Nike, Superdry we Lacoste brendleriniň mahabatlary barada hem şeýle çäreler görlüpdi.