BTS Nex Playground oýun konsoly ilkinji hyzmatdaşlygyny yglan etdi

Düýn, 17:28509
1 / 3

Meşhur BTS K-pop topary oýun dünýäsi bilen ilkinji gezek uly derejede bilelikde işleşip başlady. Olar Nex Playground atly öý oýun konsolyny döredijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, oýunçylar üçin ýörite özboluşly täze mümkinçilikleri hödürleýärler.

Nex Playground – bu öý şertlerinde maşgala bolup oýnamak üçin niýetlenen kiçijik enjamdyr. Ony öňki döwürdäki «Wii» ýa-da «Xbox Kinect» oýun ulgamlaryna meňzeş bolup, onuň esasy maksady maşgala agzalaryny telewizoryň öňüne ýygnamak we şadyýan oýun bilen wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine ýardam bermekdir.

Adaty oýunlarda ulanylýan el joýstikleriniň deregine, bu konsol el-aýagyňyzy we tutuş bedeniňiziň hereketini yzarlaýan «akylly» tehnologiýany ulanýar. Oýun oýnamak üçin siz ekranyň öňünde durup, bedeniniz bilen dürli hereketleri etmeli bolýarsyňyz. Häzirki wagtda bu enjam üçin 60-dan gowrak dürli maşgala oýunlary bar.

Enjam ulanyjylaryň şahsy durmuşyny goramak üçin hem ähli çäreleri görýär: kamera üçin ýörite fiziki ýapgyjy bar we ähli hereket maglumatlaryňyz internete däl-de, gönüden-göni enjamyň öz içinde işlenilýär.

Konsolyň bahasy: 355 ABŞ dollary (içinde 5 sany esasy oýun bilen bile gelýär).

Abuna tölegi: Ähli oýunlary doly ulanmak üçin ýylda 120 ABŞ dollary möçberinde töleg tölemeli.

BTS topary bilen hyzmatdaşlyk şu ýyl meşhur «Starri» atly aýdym-saz we ritm oýnunda amala aşyrylar. Konsolyň hereketi yzarlaýan datçikleriniň kömegi bilen siz ele hiç hili oýun enjamyny alman, bütin bedeniňiz bilen BTS toparynyň tanslaryny gaýtalamaly we olaryň aýdymlary bilen sazlaşykly hereket etmeli bolarsyňyz.

Bu gyzykly täzeligiň haçan doly elýeterli boljakdygy baradaky takyk sene bolsa ýakyn wagtda mälim ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.