Geljekki iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max smartfonlary barada täze maglumatlar peýda boldy. Apple-yň önümçilik hyzmatdaşlarynyň biri bolan «Tata Electronics» hindi kompaniýasyna amala aşyrylan kiberhüjüm sebäpli enjamlaryň suratlary, synag wideolary, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlaryň we üpjün edijileriň sanawyny öz içine alýan resminamalar internete düşdi.
iPhone 18 Pro Max-yň wideosyny meşhur insaýder Ewan Blass (Evleaks) çap etdi. Ýazgyda kümüş-çal reňkli smartfonyň aşak gaçyrylma synagyndan geçýändigi görkezilýär.

Şol bir wagtyň özünde, «Reuters» agentligi «World Leaks» hakerler toparynyň «Tata Electronics-iň» gizlin maglumatlaryny we käbir içki «darknet-de ýaýradandygyny habar berdi. Ogurlanan maglumatlaryň möçberi 630 GB-dan geçip biler we oňa iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max-yň enelik platalarynyň çyzgylary, şeýle hem Apple-yň firma çipleri boýunça tehniki resminamalar girip biler.
Apple-yň «Tata» kompaniýasy bilen bilelikde wakany derňeýändigi bellenilýär. Kompaniýa içki ulgamlara girişi çäklendirdi we derňew geçirmek üçin daşyndan hünärmenleri çekdi.
Ýene bir insaýder «Digital Chat Station-yň» maglumatlaryna görä, iPhone 18 Pro seriýasy ýylylygy sowadyş ulgamy gowulandyrylan we düýpli gaýtadan işlenen enelik plata gurluşyny alar. Apple A20 Pro prosessory önümçilik tapgyrynda birnäçe kristally bir modula birleşdirmegi göz öňünde tutýan «WMCM» tehnologiýasyny ulanyp, bu enjamlaryň öndürijiligini ýokarlandyryp biler.
Smartfonlaryň korpusy alýumin garyndysyndan ýasalar, kamera zolagy bolsa «Ceramic Shield» gorag örtügine eýe bolar.
iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max-yň resmi tanyşdyrylyşy sentýabr aýynda garaşylýar.