1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hem öz gezeginde türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary, şeýle-de Mejlisiň düzümi we kanunçykaryjylyk işleri bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenilip, taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, aýratyn-da BMG-niň hem-de beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Jenap Jonah Maina Mwangi Türkmenistanda Keniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.