Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bilen gutlady

Şu gün, 07:352,991

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa we ýurduň ähli halkyna ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, ýurtlaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli dialogy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.

Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni her ýylyň 4-nji iýulynda bellenilýär. Bu sene 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda taryhy Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmegi we ABŞ-nyň Beýik Britaniýa Patyşalygyndan garaşsyz bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.